Ak Welsapar. Saparmyrat Nyýazowyň geň gylyklary. Странные привычки С. Ниязова
GULÇULYGYŇ GÖZBAŞY Mekir şalar halky elmydam näçe isleseler, şonça-da aldapdyrlar. Sebäbi her döwürdede sowatly, adamlar köp bolmaýar. Sowatsyz adamlary aldamak bolsa, elbetde, örän aňsat. Patyşalar körsowat halka ”Men size gara ýeri hem derýadan, ýaplardan akýan suwy mugt edýärin”. Şonuň üçin siz öz ýetişdiren bugdaýyňyzyň, derýadan tutan balyklaryňyzyň ýarpysyny maňa bermeli!” diýip, olary özüne bergidar edip goýýar. Sowatsyz halk bolsa ”Görsene, biziň patyşamyz nähili adalatly” diýip, zalym şany başyna täç edinýär. Patyşanyň hilegär wezir-wekilleri-de, hatda hyzmatkärleri-de öz hojaýynlaryndan kem galanok. Olaram ilaty her gün aldaýarlar. Meselem patyşanyň atbakary ”Gapyňyzdaky atlary maňa getiriň, olary men bakjak!” diýip, halkyň tohum besewlerini elinden alyp, olary goňşy patyşalyklara gyzyl-kümşe satyp, soň özi kezzap heleýini yzyna tirkäp, daşary ýurda gaçyp gidýär. Patyşanyň ýene bir orunbasar weziri-de, ”Men halky doýurjak” diýip, halkyň nebitini ogurlap, goňşy ýurda satyp, zähelçe gallany halka berip, galanyny pula öwrüp, öz ýübüsine urup, ýurdy taşlap, zut gaçýar. Zalym patyşanyň ýene bir ahlaksyz masgarabazy-da, hamana halk wekili bolan bolup, adamlaryň her bir sözüni Köşkdäki Otçy wezire ýetirip, üstesine-de biçäre aýal-gyzlara zorluk-sütem edip, ençe ýyl halky çürkäp gezýär. Soňam syrtyndan atylyp, daşary ýurda gaçýar. Bu adalatzylyklar, hamana gadymda bolupdyr diýeliň… Eýse, bu gün halky talap, ýurtdan gaçyp çykyp, daşary ýurtlarda ornaşyp, gagyldap oturan ogrular öňküden azmy? Eýse, Saparmyrat Nyýazow ”Men halka gazy, elektrik toguny, suwy mugt berjek” diýip, öz maşgalasyny, Otçy wezirini hem beýleki ýal-ýagylaryny milliarder edip, türkmeni ebedi gulçulyga salyp gitmedimi? Onuň şahsy diş lukmany ”Men size arkadag boljak” diýip, halky garyp goýup, öz tohumyny baýatmadymy? Türkmeniň ata-baba gan döküp goran topragyny öz şahsy mellegine öwürmedimi? Halk öz hak-hukugyny goramasa, Türkmenistan elmydam gadym zamanda galar. Halk dymsa, şeýtan dörär… Diýmek, näçe kynam bolsa, halk öz topragy, ýurdy, mertebesi, hak-hukugy üçin ýene aýaga galmaly bolar. Başga çykalga galmasa, dagy halk nätsin?